Stambul baý adamlar üçin elýeterli şähere öwrüldi

Stambul baý adamlar üçin elýeterli şähere öwrüldi

Türkiýäniň Stambul şäheri baý adamlar üçin şähere öwrüldi, ol ýerde öý kärendesi Nýu-Ýorkdan, Gonkongdan, Sýurihden we Ženewadan hem gymmatlady. Bu barada ýurduň «Türkiye» gazeti habar berdi.

Şäherde kärendesine öý almak ýerli gozgalmaýan emläk boýunça saýtlarda häzir aýda 30 müň dollar we ondan hem ýokarydyr. Bu nyrhlar eýýäm Stambuldan göçýänleriň artmagyna getirdi. Mysal üçin, soňky bir ýylda şäheri 600 müň adam terk etdi.

Kärende nyrhlaryň gymmatlamagyna Stambula göçüp gelýän rus telekeçileri sebäp bolýar. Olar özleri we myhmanlary üçin öýleri 59 müň dollara kärendesine alýarlar. Bu barada şäherdäki gozgalmaýan emläkleriň satuwy boýunça kompaniýanyň wekili Erkan Zing gürrüň berýär diýlip, habarda aýdylýar.


Bize Ulaşın

Müşteri memnuniyetini öncelik kabul ederek çalışmalarımızı yürüten,
çözüm ortaklarımızla güçlü iş birlikleri kuran ve insana saygıyı temel prensip olarak benimseyen bir gayrimenkul danışmanlık firmasıyız. Bölgesinde tanınan ve tercih edilen bir marka olma hedefiyle gayrimenkul sektöründe fark yaratıyoruz.